Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 16:18 - Mukaddes Kitap

18 Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Эллери билен йылан тутсалар-да, зәхер ичселер-де, олара зепер етмез. Эллерини хассаларың башына гоярлар, олар хем сагалар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 16:18
21 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.


Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.


Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz?


Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy.


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.


Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»


Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan