Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 16:14 - Mukaddes Kitap

14 Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Соңра Иса сачак башында отуран Онбирлериң өзлерине гөрнүп, имансыздыклары, йүреклериниң текепбирдиги үчин олара кәеди. Себәби олар Онуң дирелендигини гөрен адамлара ынанмандылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 16:14
24 Iomraidhean Croise  

Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Isa käbir şäherlerde köp gudratlar görkezse-de, olaryň halky günälerine toba etmändiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarmaga başlady:


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.


Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi?


Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi.


Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy:


Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.


Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.


Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan