Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Сабат гүни тамамланансоң, гич өйлән магдалалы Меръем, Якубың эҗеси Меръем ве Саломе дагы гидип, Исаның җеседине чалмак үчин якымлы ыслы затлар сатын алдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 16:1
19 Iomraidhean Croise  

Ol öz hyzmatyndaky lukmanlara kakasynyň jesedini mumyýalamagy buýurdy. Lukmanlar Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar.


Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.


Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.


Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.


Ol gün Taýýarlyk günüdi, ýagny Sabadyň öň ýanyndaky gündi. Agşam


Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.


Hepdäniň birinji güni olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler.


Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.


Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy.


Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar. Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.


Hepdäniň birinji güni ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar.


Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.


Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan