Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 15:32 - Mukaddes Kitap

32 Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Ысрайылың Патышасы Месих, гой, хәзириң өзүнде хачдан ашак дүшсүн, биз хем муны гөрүп иман эдели» диййәрдилер. Иса билен хача чүйлененлер-де Оңа сөгйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 15:32
16 Iomraidhean Croise  

Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.


«Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli.


Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.


Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.


Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»


Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?


hakykat ýolundan azaşandyrlar. Olar direliş eýýäm amala aşdy diýip, käbir adamlaryň imanyny weýran edýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan