Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 15:19 - Mukaddes Kitap

19 Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Башына таяк билен урдулар, үстүне түйкүрдилер, өңүнде дыза чөкүп, Оңа сежде эден болдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 15:19
32 Iomraidhean Croise  

Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidende, dyza çöküp, Rebbe sežde etdi.


Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler.


Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy aman galdyraryn».


Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.


Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular.


Ony masgaralap, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar, soňra öldürerler, emma üç günden soň Ol direler».


Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.


«Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular.


Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.


Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.


Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:


Şonda Hudaý oňa näme jogap berdi? Hudaý: «Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum» diýdi.


Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper,


Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan