Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 15:14 - Mukaddes Kitap

14 Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Пилат олардан: «Нәме үчин? Ол нәме яманлык этди?» дийип сорады. Эмма олар: «Оны хача чүйле!» дийип, хас бетер гыгырышдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 15:14
24 Iomraidhean Croise  

Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy.


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.


Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.


Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.


Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi.


Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.


Ölüm jezasyna laýyk hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatdan Onuň öldürilmegini talap etdiler.


Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan