Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 14:41 - Mukaddes Kitap

41 Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Иса үчүнҗи гезек гелип, олара: «Сиз хенизем уклап ятырсыңызмы? Дынҗыңызы алярсыңызмы? Болды, пурсат гелди, Ынсан Оглы гүнәкәрлериң элине берилйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 14:41
23 Iomraidhean Croise  

Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir».


Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.


Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.


Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri Isa dönüklik etmek üçin, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi.


Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi.


Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi.


Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler.


Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.


Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz!


Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan