Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.