Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 14:21 - Mukaddes Kitap

21 Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Хава, Ынсан Оглы Өзи хакда язылышы ялы җан берер, эмма Ынсан Оглуна хайынлык эдениң халына вай! Ол адам энеден догулмадык болса, онуң үчин хас оңат боларды» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 14:21
28 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri.


Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.


Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi.


Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.


sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan