Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 14:1 - Mukaddes Kitap

1 Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Песах ве Петир байрамына ики гүн галыпды. Ёлбашчы руханылар, Төврат мугаллымлары Исаны хиле билен тутуп, өлдүрмегиң ёлуны агтарярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 14:1
23 Iomraidhean Croise  

Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.


Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.


Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.


Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.


Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr.


Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.


Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan