Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 13:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эмма сиз өзүңизден хабардар болуң! Адамлар сизи ерли казыете табшырарлар, синагогаларда енҗерлер. Мен себәпли сиз хөкүмдарларың, патышаларың өңүнде дурарсыңыз ве олара шаятлык эдерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 13:9
37 Iomraidhean Croise  

Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!


Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.


Hudaýyň adalaty şu görýän görgüleriňiz arkaly aýan bolar: siz Hudaýyň Şalygyna mynasyp saýylarsyňyz, sebäbi siz şonuň ugrunda görgi görýäňiz ahyryn.


Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan