Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».
Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz.
Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.