36 Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn.
36 Ол дуйдансыз гелип, укуда үстүңизи басаймасын.
Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony.
Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.
Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar.
Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?
Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler.
Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.
Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler.
Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».