Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 13:27 - Mukaddes Kitap

27 Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Шонда Ол перишделери ёллап, Өз сайланларыны чар тарапдан, ериң уҗундан тә гөгүң уҗуна ченли йыгнар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 13:27
27 Iomraidhean Croise  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.


Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.


Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar.


Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,


Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz.


Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi.


Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!


Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Indi bolsa, eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň ýanyna üýşmegimiz babatda şulary aýdyňlaşdyrmakçy:


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan