Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 13:19 - Mukaddes Kitap

19 Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Чүнки ол гүнлерде шейле бир элхенч мушакгатлар болар велин, Худайың ярадан дүнйәсиниң башындан тә шу вагта ченли мунуң ялы зат болан дәлдир, хич хачан болмазам.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 13:19
17 Iomraidhean Croise  

Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.


Aslynda Hudaý ýaradylyşyň başynda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy.


Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň.


Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.


onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder.


Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka? Ýa şunuň ýaly waka hakynda eşidipmidiňiz?


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan