17 Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe!
17 Ол гүнлерде гөврели аялларың ве чага эмдирйәнлериң дат гүнүне!
Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy.
Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.
Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.
Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin.
Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň.
Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar.
Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler.