Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Сизи туссаг эдип, казыете табшыранларында, нәме дийҗегиңизи өңүнден гайгы этмәң, шол пурсатда сизе нәме берилсе, шоны гепләң. Чүнки геплейән сиз дәл-де, Мукаддес Рухдур.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 13:11
25 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.


Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.


Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan