Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Хош Хабар илки билен әхли миллетлере вагыз эдилмелидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 13:10
10 Iomraidhean Croise  

Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan