Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эмма кәрендечилер бири-бирлерине: „Мирасдар шудур! Гелиң, шуны өлдүрелиң, мирас бизе галар“ дийишйәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:7
18 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýularyň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.


Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär.


Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan