Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:37 - Mukaddes Kitap

37 Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

37 Давудың өзи Месихе Реб диййән болса, Ол нәхили Давудың оглы боляр?» Улы мәхелле Оны хезил эдип диңлейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:37
14 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Ýolbaşçy ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, gürrüňiň özleri baradadygyny aňdylar.


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.


Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.


Ýahudylardan bir uly mähelle Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň direlden Lazaryny-da görmäge geldiler.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan