Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:29 - Mukaddes Kitap

29 Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Иса: «Иң ваҗып табшырык шудур: эй, ысрайыл халкы, гулак гой. Худайымыз Реб еке-тәк Ребдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:29
16 Iomraidhean Croise  

Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir.


Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi.


Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.


Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.


Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi.


Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan