Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:2 - Mukaddes Kitap

2 Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Хасыл мөвсүми геленде, ол бир хызматкәрини үзүмиң мивесинден алып гел дийип, кәрендечилериң янына иберйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:2
18 Iomraidhean Croise  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.


Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.


Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler.


Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan