Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:14 - Mukaddes Kitap

14 Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Олар гелип, Ондан: «Мугаллым! Биз Сениң догручылдыгыңы, хич киме тарапгөйлик этмейәндигиңи билйәрис, себәби Сен адамларың дереҗесине бакман, Худайың ёлуны хакыкат билен өвредйәрсиң. Ханы айт, императора салгыт төлемек догрумы я-да догры дәл? Төләлими я-да төлемәли?» дийип сорадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:14
36 Iomraidhean Croise  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».


Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».


Ýardam geler ýeri, gögi ýaradan Rebden.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar.


Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.


Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi.


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur.


Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Eger men sizi gamlandyrýan bolsam, meni kim şatlandyrsyn? Meniň gamlandyranlarymmy?!


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan