Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Соңра Иса олара тымсаллар билен гүррүң бермәге башлады: «Бир адам үзүм багларыны отурдып, дашына хаят айлаяр. Шерап ясамак үчин, үзүми сыкмага бир чукур газяр ве бир саны гөзегчилик диңини гуряр. Онсоң үзүмчилигини багбанлара кәрендесине берйәр-де, өзи узак ёла гидйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 12:1
38 Iomraidhean Croise  

Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.


Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim.


Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar.


Isa söze başlady: «Siz muňa näme diýersiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinji oglunyň ýanyna baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümçilikde işle“ diýýär.


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Gögüň Şalygy şunuň ýalydyr: bir adam uzak ýola gitmekçi bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyrýar.


Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.


Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar.


Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn?


Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi:


Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.


Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.


Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.


Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.


Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan