Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 11:32 - Mukaddes Kitap

32 Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Эмма ынсандан дийсек…» Олар халкдан горкярдылар, чүнки хеммелер Яхяны хакыкы пыгамбер сайярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 11:32
15 Iomraidhean Croise  

Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr.


Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.


Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.


Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.


Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.


Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler.


Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan