Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 11:14 - Mukaddes Kitap

14 Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Иса агаҗа: «Гой, мундан бейләк сенден хич ким миве иймесин!» дийди. Шәгиртлери хем муны эшитдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 11:14
15 Iomraidhean Croise  

Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.


Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.


Uzagrakda gür ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan injir tapmazmykam diýip, agaja tarap ýöredi. Onuň ýanyna gelende, ondan ýaprakdan başga hiç zat tapmady, sebäbi injir möwsümi däldi.


Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.


Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.


Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan