Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.
Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.
Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler.