Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:52 - Mukaddes Kitap

52 Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

52 Иса хем оңа: «Бар, иманың саңа шыпа берди» дийди. Шобада бу адамың гөзлери ачылды. Онсоң ол хем Исаның ызына дүшүп гидиберди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:52
22 Iomraidhean Croise  

Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.


Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady.


Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.


Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy.


Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.


Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi.


Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.


Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.


Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl.


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan