Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:47 - Mukaddes Kitap

47 Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

47 Насыралы Исаның ол ердедигини эшидип: «Эй, Давут Оглы Иса! Маңа рехим эт!» дийип гыгырмага дурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:47
24 Iomraidhean Croise  

Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi.


Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.


Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.


Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi.


Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy.


Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi?


Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.


Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan