Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:27 - Mukaddes Kitap

27 Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Иса олара середип: «Ынсанлар үчин бу мүмкин дәлдир, эмма Худай үчин бейле дәл – Худай үчин әхли зат мүмкиндир» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:27
15 Iomraidhean Croise  

Bu zatlar Reb üçin gaty aňsatdyr. Ol Mowaby-da siziň eliňize berer.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Şägirtler çakdanaşa haýran galyp, biri-birlerine: «Onda kim halas bolup biler?» diýişdiler.


Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.


Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi.


Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.


Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan