Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:24 - Mukaddes Kitap

24 Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek nähili kyn!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Шәгиртлер Онуң сөзлерине хайран галдылар. Иса ене олара: «Огулларым, Худайың Шалыгына гирмек нәхили кын!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:24
28 Iomraidhean Croise  

Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.


Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.


Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.


Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar.


Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu bir täze taglymat! Ol arwah-jynlara erk-ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Oňa tabyn bolýarlar!» diýişdiler.


Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“.


Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler.


Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Eziz balalarym, özüňizi butlardan goraň!


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan