Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.
Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.