Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.
Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!
Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.