Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:19 - Mukaddes Kitap

19 Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Сен Онуң: „Адам өлдүрме, зына этме, огурлык этме, ялан шаятлык этме, хич кимиң хакыны ийме, ата-энеңе хормат гой“ диен табшырыкларыны билйәнсиң ахырын» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:19
16 Iomraidhean Croise  

Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.


Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi.


Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Eý, Mukaddes Kanuna görä ýaşamakçy bolýanlar! Men şuny soramakçy: eýsem siz Töwratda ýazylany bilmeýäňizmi?


Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Sebäbi «Zyna etme» diýen Hudaý «Adam öldürme» hem diýendir. Eger siz zyna etmeseňiz, emma adam öldürseňiz, kanuny bozan jenaýatkär bolýansyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan