Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Иса оңа: «Нәме үчин Маңа ягшы диййәрсиң? Еке-тәк Худайдан башга хич ким ягшы дәлдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:18
14 Iomraidhean Croise  

Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.


Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi.


Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.


Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan