Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:14 - Mukaddes Kitap

14 Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Иса муны гөренде, гахары гелди. Ол шәгиртлерине: «Чагалары Мениң яныма гойбериң, олары сакламаң. Худайың Шалыгы шулар ялыларыңкыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:14
36 Iomraidhean Croise  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.


Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.


Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.


«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».


Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi.


Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.


Ysraýyl halky Hoş Habary kabul etmän, Hudaýa duşman boldy. Bu bolsa başga milletler, ýagny siziň üçin bähbitli boldy. Ýöne ysraýyl halky şonda-da Hudaýyň saýlap-seçen halkydyr. Hudaý olary ata-babalarynyň haky üçin söýýändir.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.


Seniň Isa Mesihe bolan hakyky imanyňy ýatlaýaryn. Ozal mamaň Loýisiň, ejeň Ewnikiniň kalbynda mesgen tutan imanyň indi seniň kalbyňda hem ýaşaýandygyna ynanýaryn.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, olar müýnsüzdirler.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan