11 Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir.
11 Иса олара: «Аялыны айрып, башга аяла өйленен адам өз аялына гаршы зына эдйәндир.
Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Öýe gelenlerinde, şägirtleri bu barada Ondan ýene soradylar.
Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».
Eger aýal äri dirikä başga birine durmuşa çyksa, bu zynahorlykdyr. Emma äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir.
Aýalyň bedeni özüniň däl-de, äriniň ygtyýaryndadyr. Äri babatda hem şeýledir: äriniň bedeni özüniň däl-de, aýalynyň ygtyýaryndadyr.
Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler.
Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.