Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса ол ерден чыкып, Иордан дерясының аңырсындакы Яхудыя велаятына гитди. Онуң дашына ене-де бир топар мәхелле үйшди ве Ол ене-де хемишеки ялы олара өвретмәге дурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 10:1
17 Iomraidhean Croise  

Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.


Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Meniň gaýta-gaýta öwredenlerime olar gulak asmadylar, dogry ýola gelmediler.


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady.


Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady.


Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler?


Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi.


Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady.


Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi:


Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?


Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.


Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.


Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy.


Mundan soň Isa şägirtlerine: «Ýahudyýa dolanalyň» diýdi.


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan