Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Мен сизи сува чүмдүрйәрин, эмма Ол сизи Мукаддес Руха чүмдүрер» дийип вагыз эдйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:8
19 Iomraidhean Croise  

Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ol: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men eglip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin.


Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa Ony Iordan derýasynda çümdürdi.


Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.


Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan