Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men eglip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол: «Менден соңра Гелҗек менден хас гүйчлүдир. Мен эглип, Онуң чарыгының багыны чөзмәге-де мынасып дәлдирин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:7
11 Iomraidhean Croise  

Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol çekirtge bilen meýdan balyny iýýärdi.


Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi.


Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi.


Ýahýa özüne tabşyrylan işi tamamlamazdan öň: „Siz meni Mesih hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, men Mesih däl. Ol menden soňra geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi.


Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi.


Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan