Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda suwa çümdürilýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Тутуш Яхудыяның ве Иерусалимиң илаты онуң янына гелйәрди. Олар гүнәлери үчин тоба эдип, Яхя тарапындан Иордан дерясында сува чүмдүрилйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:5
15 Iomraidhean Croise  

Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol çekirtge bilen meýdan balyny iýýärdi.


Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi.


Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan