Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:40 - Mukaddes Kitap

40 Isanyň ýanyna deri keseline ýolugan bir adam geldi. Ol dyzyna çöküp, Oňa: «Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

40 Исаның янына дери кеселине ёлуган бир адам гелди. Ол дызына чөкүп, Оңа: «Эгер ислесең, мени бу кеселден тәмизләп билерсиң» дийип ялбарды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:40
20 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.


Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?


Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy:


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi.


Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi.


Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan