Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:32 - Mukaddes Kitap

32 Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Гүн батып, агшам дүшенде, әхли хассалары, арвах-җын эелән адамлары Онуң янына гетирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:32
8 Iomraidhean Croise  

Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy.


Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».


Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady.


Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady.


Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.


Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan