30 Simunyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatandygyny Isa habar berdiler.
30 Симуның гайыненесини гыззырма тутуп ятандыгыны Иса хабар бердилер.
Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi.
Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi.
Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady.
Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.
Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.
Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.