Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:27 - Mukaddes Kitap

27 Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu bir täze taglymat! Ol arwah-jynlara erk-ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Oňa tabyn bolýarlar!» diýişdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Хеммелер хайран галып, бири-бирлерине: «Бу нәме болдугы? Бу бир тәзе таглымат! Ол арвах-җынлара эрк-ыгтыяр билен буйрук берйәр, олар-да Оңа табын болярлар!» дийишдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:27
15 Iomraidhean Croise  

Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».


Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.


Arwah-jyn hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp ondan çykdy.


Şeýlelikde, Isa hakyndaky habar şobada Jeliläniň ähli etrabyna ýaýrady.


Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek nähili kyn!


Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady:


Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler.


Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.


Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.


Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.


Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi.


Olar Pawlusy tutup, Arýopagus mejlisine getirip, şeýle diýdiler: «Seniň öwredýän bu täze taglymatyňyň nämedigini biz hem bilsek bolarmy?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan