Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler.
Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.
Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy.
Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.