Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:24 - Mukaddes Kitap

24 «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 «Эй, насыралы Иса! Бизиң билен нәме ишиң бар? Бизи ёк этмәге гелдиңми? Мен Сениң кимдигиңи билйәрин, Сен Худайың Мукаддесисиң» дийип гыгырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:24
25 Iomraidhean Croise  

Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Şol wagt olaryň sinagogasynda arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol:


Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi.


Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy.


Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi.


Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.


Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.


Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Hawa, siz Mukaddes we Dogry Bolany inkär edip, bir ganhoryň boşadylmagyny talap etdiňiz.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan