Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:23 - Mukaddes Kitap

23 Şol wagt olaryň sinagogasynda arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Шол вагт оларың синагогасында арвах-җын эелән бир адам барды. Ол:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:23
10 Iomraidhean Croise  

Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar.


Onuň taglymatyna haýran galdylar, sebäbi Isa adamlara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi.


Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler.


Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.


Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi.


Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.


Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan