Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.
Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.
Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.
Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?
Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.