Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Şalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Ол: «Вагт долды, Худайың Шалыгы голайлады. Тоба эдиң, Хош Хабара ынаның!» диййәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:15
17 Iomraidhean Croise  

Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.


„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.


Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.


Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady.


Bu niýetiň amala aşyrylmaly wagty gelende, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirer.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


ony Hoş Habar arkaly Öz bellän wagtynda aýan etdi. Halasgärimiz Hudaý bu Hoş Habaryny wagyz etmegi maňa tabşyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan